- parlamak
- işlik1) Ýalpyldap nur saçmak, gaty yşyk bermek.∙ Gün şöhlesi parlap ýere ýaýranda, köp bilim almaga göreş edýäris. («Mydam Taýýar» gazeti)∙ Onuň ak ýüzünde balkyldaýan gara gözleri parlap duran bagt ýydyzy ýaly duýuldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Parlap ýanyp duran çyra göründi.2) Öwşün atyp durmak.3) Şemala, ýele galgamak, pasyrdamak, parryldyly seslenmek.4) Giň gerim almak, ýaýbaňlanmak, ösmek.∙ Kän işlerde öňde bolan, Parlap al-asmana galan. (Durdy Gylyç, Goşgular)∙ Bu sözde parlaýan adamzat bagty. («Mydam Taýýar» gazeti)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.